- esentanyş
- Ýady-ýakyny saýgarmazlyk, öňden tanyş ýaly bolup gatnaşyk etmeklik.∙ Umsagül esentanyş ýaly, öz öýüne gelen ýaly, Aýnanyň ýanyna geçdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Özüni öweniň tanapy çüýrük bolar! -- diýip, esentanyş ýaly ýigide gatyrak degesi geldi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Ýadyrganyp durman, çekinmän birjik, Misli esentanyş, gülýär çagajyk. (A. Kekilow, Söýgi)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.